Asma sagat

2 Ýanwar 2021
2332

Na­syr­jan Jo­ra­ýew, öz­bek ýa­zy­jy­sy

Ol eli bilen diwardaky sagady görkezdi. Ene-atasy onuň näme diýjek bolýanyna düşündi. Diýmek, ogullary ýatmakçy bolýar. Ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, öz otagyna ýöneldi. Ol çagaka ukusy tutsa aglardy. Şeýdibem ýatmak isleýändigini duýdurardy. Agy-garany saýgaryp ugranyndan soň, has takygy, kakasy şu asma sagady getireli bäri, ol ýatmakçydygyny sagada ümläp düşündirerdi. Ene-atasy geplemekden dogabitdi mahrum ýalňyz ogullarynyň diňe bir bu hereketini däl, eýsem, her bir gymyldysyndan onuň näme diýmek isleýändigine düşünerdiler. Bu gün şol hereket ýene bir gezek gaýtalandy.

Özbek dilinden terjime eden Atamyrat ÝAZWELIÝEW