Kitap — akyl hazynasy

20 Noýabr 2024
276

Medeni gymmatlyklar, şol sanda kitap hem bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazyna hasaplanýar. Ynsanlaryň köňül küýsegi kitap bilen baýlaşdyrylýar. Ol ynsanlara durmuşda dogry ýol-ýörelgeleri salgy berýär. Taryhyň islendik döwrüni alyp göreniňde-de, pederlerimiz kitaba pähim-paýhasyň, danalygyň çeşmesi hökmünde garapdyrlar. «Bir — okana, bir — dokana», «Kitap okan magnydan dok» ýaly nakyllarda onuň gymmatyny, köp okamagyň peýdasyny aňlatmagy başarypdyrlar. Kitap oňa gadyr goýýan adam üçin tapylgysyz baýlykdyr. Ol ynsanyň kyn gününde iň ýakyn ýardamçysy, akyl hazynasy we ygtybarly gollanmasydyr. Biz kitaplaryň üsti bilen adamlary, älemleri we olara barýan ýollary öwrenýäris. Iň esasy zat bolsa kitap arkaly jemgyýetiň gymmatly hazynasy bolan şahsyýeti kämilleşdirip, beýgeldip bolýar. Her okalan kitap aň-düşünje, abraý we mertebe babatda bizi bir basgançak ýokary göterýär.

Halkymyzyň kitaba bolan çuňňur garaýşyny häzirki ajaýyp zamanamyzda aýdyň görýäris. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze tapgyryna gadam basan ýurdumyzda oňa bolan hormat, söýgi mese-mälim artdy. Kitap önümçiliginiň, neşirýat-çaphana işleriniň aýratyn üns merkezinde saklanmagy bu ugurda işleriň öňe ilerlemegine getirdi.

Täzegül ABDULAZIMOWA,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçe merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.