Hytaýyň ýokary derejeli telearagatnaşyk enjamlary öndürýän “Hytera” kompaniýasy türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalaryny beýan etdi. Bu barada kompaniýanyň Gyrgyzystandaky wekili Daniýar Taşkunow 14 – 16-njy noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmentel-2024” halkara sergisiniň çäklerinde mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, “Hytera” eýýäm ýerli resmi hyzmatdaşy – “Awtomatizasiýa tehnologiýalaryň merkezi” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk edýär.