Suut Kemal Ýetkin,
türk ýazyjysy
«Adam-garasyz bir adada ýalňyz ýaşamaga mejbur bolsaňyz, şu romanlardan haýsy birini ýanyňyz bilen äkiderdiňiz?» diýen sorag birmahallar Fransiýada sowalnamaçylaryň örän halaýan mowzuklarynyň biri bolupdy. Sowalnamaçysyna görä, ol romanlar fransuz ýa-da dünýäniň beýleki halklarynyň edebiýatyndan saýlanyp alnardy. Sowallaryny edebiýatyň beýleki edebi görnüşlerine çenli uzaldýanlar hem bardy. Şeýle sowalnamalaryň birine Andre Židiň beren jogaby köpleriň ýadyndadyr. Ýazyjy jogabyny «On fransuz romany» makalasy arkaly «Incidences» («Hadysalar») atly kitabynda okyjylara ýetiripdi. Şeýle sowal ähmiýetini häli-häzirem ýitirendir öýdemok. Çünki bu sowallar käbir ýazyjylaryň halaýan eserlerini ýüze çykarýardy hem-de ýatdan çykyp barýan käbir eserleriň gadyr-gymmaty gaýtadan dikelen ýaly bolýardy. Ýöne bu sowallar arkaly orta atylýan esasy zat, edebiýatyň adam durmuşynda barlygydyr. Göwnüme bolmasa, çola adada ýaşamaly bolan bir adama: «Ýanyňyz bilen nämeleri äkidýäňiz?» diýseler, elbetde, ol erkek kişi bolsa, gije ýatyş geýimlerini, aýal maşgala bolsa, dodak boýagydyr üst-başa timar beriş goşlaryny almak barada pikir etmese gerek. Megerem, olar ýaşamak üçin zerur birki zatdan gaýrysyny kitaplara dahylly ederdi.