Türkmen kinosy ösüş ýolunda

14 Noýabr 2024
293

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bilen türkmen medeniýeti, sungaty barha gülläp ösýär. Milli medeniýetimiziň kino sungaty hem döwrebap ösüşleri başdan geçirýär. Gysga döwrüň içinde surata düşürilip, ekrana çykarylan milli kinofilmler Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik toparynyň işiniň döwrebap ösüş ýoluna düşendigini buşlaýar. Biz hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň soňky ýyllarda ýaýlyma çykaran we täze surata düşürýän filmleri hakynda söhbet etmegi makul bildik.

Häzirki döwürde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde zähmet çekýän Sahysalyh Baýramow, Rahymberdi Annagulyýew, Myrat Orazow, Maksat Gylyjow, Baýmyrat Musaýew ýaly soňky ýyllarda ýetişen kino ussatlary we belli halypalar tarapyndan «Beýik Ýüpek ýoly», «Atalar we ogullar», «Gyzyl kürte», «Istärin», «Daragt», «Dutaryň owazy», «Kompozitor», «Ekologiýa — päkize durmuş», «Gyzyl alma» atly çeper we çeper-publisistik filmler hem-de «Ýiten top» atly multfilm surata düşürilip, tomaşaçylara ýetirildi.

Baýram TAGAN,
«Edebiýat we sungat».