Bagtyýarlyk mukamy

1 Ýanwar 2021
2918

Mähriban halkymyz Täze ýyl baýramçylygyny uly şatlyk, ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylady. Aýratyn hem, bu senä çagalar sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Olar Aýazbabany we Garpamygy garşylamagy, oňa goşgy aýdyp bermegi arzuw edýärler. Täze ýyl baýramçylygynda gowşurylýan sowgatlar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Olara niýetlenen Täze ýyl sowgatlarynyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli konditer önümleri bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Biz hem golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bars» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanada bolup, telekeçi Muhammet Amanow bilen bular dogrusynda söhbetdeş bolduk.

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwlet tarapyndan uly goldawlar berlip, telekeçileriň dürli önümleri öndürmekligine giň ýol açyldy. Bazarlarymyz, söwda nokatlarymyz hususy telekeçilerimiziň öndürýän ýokary hilli önümleri bilen dolduryldy. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, dünýä bazarlarynda hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Biziň kärhanamyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Häzirki wagtda kärhanada 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhanamyzda «Bars» haryt nyşanly owadan we gözegelüwli gaplara gaplanan süýjülikler, keksler, şokoladlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Biziň agzybir işgärlerimiz hemişe täze başlangyçlaryň gözleginde bolup, alyjylaryň isleglerini içgin öwrenip, harytlaryň dürli görnüşlerini öndürmek babatda uly tagallalary edýär. Häzirki wagtda «Bars» haryt nyşanly süýji we şokolad önümleriniň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Kokosly, künjüli, maňyzly we şokokrem ýaly şokoladlar, şeýle hem «Ýyldyz», «Kümüş», «Keýik», «Kerwen», «Bars», «Kokobant» ýaly süýjüler halkymyz tarapyndan uly isleg bilen alynýar. Öndürilýän önümler ýurdumyzyň ähli welaýatynyň, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda elýeter bahalardan halkymyza ýetirilýär.

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».