Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany 2021-nji ýyly geljege ynam bilen garşylady

1 Ýanwar 2021
1582

31-nji dekabr — 1-nji ýanwar. Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoş niýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar.

Ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi.