Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak — döwlet syýasatynyň baş maksady

13 Noýabr 2024
761

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty öz aýdyň beýanyny tapdy.

4-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilmegini, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini, kabul ediş nokatlarynyň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegini, ýerine ýetirilen işler üçin önüm öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

(TDH)