Ajaýyp arzuwlar Saňa, Arkadag!

1 Ýanwar 2021
2386

Ýylgyryp gelýän ýyllary ýylgyrybam garşy almalydyr. Umuman, myhmany güler ýüz bilen garşylamak — türkmene aňyrdan gelýän kada. Bu-da şol mysalydyr. Ol pursatda birek-birege ýagşydan-ýagşy arzuwlar edilýär. Men şol edilýän, ediljek süýji dilegleriň ählisine ýürek goýýan, goşulýan.

Gahryman hem mähriban Arkadagymyzy, bir başa bakýan agzybir ilimizi täze, 2021-nji ýyl bilen mübärekleýärin! Bu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmeginiň özünde ymgyr many, ylham ummany bar. Parahatçylyk we ynanyşmak ahyry giň dünýäni saklaýan kökler. Hormatly Prezidentimiziň dosty dogan eýlän ýoly bu, ýörelgesi bu! Asyl-ha, mähriban Arkadagymyzyň ýürekden çykan döwletli başlangyjynyň ýüreklere ýetmegi, gyzgyn goldaw tapmagy bilen, BMG-niň kabul eden Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçjekdiginiň özi bu hakykata sözsüz delil. Goý, mydama şeýle bolsun! Türkmen topragynda, giň dünýäde hemişe parahatçylyk, birek-birege ynam höküm sürsün! Ojaklary saglyk-salamatlyk, abatlyk-rahatlyk, rysgallylyk-döwletlilik, mylaýymlyk-mähribanlyk gurşasyn! Watanymyz gowulyga, şowlulyga, rowaçlyga ýar bolsun!

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.