Pähim-paýhasyň huzurynda

8 Noýabr 2024
270

Magtymguly Pyragynyň dury paýhasyndan syzylyp çykan setirler her bir adam üçin ömür menzillerindäki ýolbelet mysalydyr. Çünki şol setirlerde durmuşyň, ýaşaýşyň manysyna düşünmäge iterýän, belent maksatlara ruhlandyrýan pähim-parasat bar. Bu şygyrlary okadygyňça, ylym-bilim bilen gurşalan täsin dünýäniň içine aralaşýan ýaly bolýarsyň.

Akyldar şahyryň döredijilik dünýäsi ylym bilen berk baglanyşyklydyr. Magtymgula düşünmegiň özi ylmyň ähli ugurlaryndan diýen ýaly habarlylygy talap edýär. Şol mazmundaky kitaplary we beýleki ylmy-edebi eserleri okap öwrenmek arkaly biz şahyryň eserlerindäki köp sanly rowaýatlaryň, öwüt-ündewleriň, ylmy maglumatlaryň many-mazmunyna giňişleýin akyl ýetirip bileris. Çünki şahyryň goşgularynyň aýratynlygy ummasyz uly taryhy wakany birje setire sygdyryp bilýänligidir. Bu akyldar şahyrymyzyň paýhas kämilliginiň we ussatlygynyň güwäsidir.

Gülşat HOJAMMAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmeni.