«Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine...»

7 Noýabr 2024
330

Ýyldyzlar dürli gyzgyn gazlardan ybarat bolan we tebigy görnüşde özi yşyklanýan asman jisimleridir. Ylymda ýyldyzlar dünýäsiniň tebigaty, gözellikleri, täsinlikleri bilimleriň astronomiýa pudagynda düýpli we çuňňur öwrenilýär. Irki orta asyrlarda oguzlaryň, grekleriň, hindileriň, araplaryň, hytaýlylaryň astronomiýa ylmynyň pajarlap ösmegine uly goşant goşandygy taryhy edebiýatlarda beýan edilýär.

Sanýetmez ýyldyzlaryň hataryndaky asman jisimlerine şahsyýetleriň adyny dakmak dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy, medeni we halk hojalyk pudaklaryny ösdürmek hem-de sebitlerdäki jemgyýetleriň we döwletleriň öňünde hünär ussatlygy, öňdebaryjy durmuş tejribesi, tebigy zehini, taryhy täzeçilligi, göreldeli hyzmatlarynyň üstünlikli häsiýetleri bilen aýratyn tapawutlanan halatynda ýerine ýetirilýär.

Dädebaý PÄLWANOW,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap häkimliginiň 1-nji derejeli hünärmeni.