Şährihaýbar ýadygärligi

6 Noýabr 2024
328

Şährihaýbar orta asyrlarda günorta Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý — Şährislam aralygyndaky iň iri duralga bolupdyr. Bu barada döwrüniň belli ýazarmany As-Samanynyň galdyran maglumatlarynda beýan edilýär. As-Samany: «Şährihaýbar Nusaýyň serhetýaka galalaryndan biridir, ol Horasanyň Horezm tarapynda ýerleşýän şäher bolup, «Rabat» diýip atlandyrýarlar. Ony Al-Mamunyň häkimlik eden döwründe Horasanyň emiri Abdylla ibn Tahyr gurdurypdyr» diýip ýazýar.

Gurluşy boýunça bu ýadygärlik üç bölekden (erk, şähristan we rabat) ybaratdyr. Onuň içki galasynyň beýikligi, takmynan, ýeriň derejesinden 10-11 metre, ýadygärligiň üstüniň diametri 60 — 70 metre barabar bolup, tegelek görnüşlidir. Depäniň ähli tarapynyň eňňitleri hem belli bir derejede kert bolup, diňe günbatar tarapy birneme ýapgytdyr. Ol depäniň çygrynda has giňäp gidýär. Galanyň günbatar tarapyndaky peslikde bişen kerpiçleriň bölekleri köp jemlenipdir. Şeýle hem üstünde syrçasyz, düşegi dürli reňkler bilen bezelip nagyşlanan syrçaly küýze gaplaryň bölekleri köp duşýar.

Şatlyk ILMYRADOW,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmeni.