Miras — geçmiş. Miras — şu gün. Miras — geljek. Miras — geçmişden geljege düşen ýalkym. Miras diýilse, öňki döwürlerden, öň ýaşap geçen nesillerden galan ylmy, medeni ýa-da ruhy baýlyklar, ýadygärlikler, tejribeler, ussullar, däp-dessurlar, ýörelgeler göz öňüňe gelýär. Miras dürli görnüşde bolup bilýär. Atadan ogla galan miras, eneden gyza, mamadan agtyga, dogandan jigä, halypadan şägirde, hatda bir adamdan umumadamzada-da miras galdyrylyp biler. Siz haçanam bolsa bir gezek, şol köp manyny öz içine alýan miras diýlen düşünjäniň iň möhümi — iň mukaddesi hakynda pikirlenip görüpmidiňiz?!
Miras düşünjesi we onuň aňladýan manysy dogrusynda birnäçe ýola pikir ýumagyny çözledim. Bar maksadym, iň möhüm mirasyň nämedigini bilmekdi. Munuň üçin miras hakyndaky eserleri okadym, bu düşünje dogrusynda köpler bilen söhbetdeş bolup gördüm. Käte ylalaşan ýalam bolsam, şu wagta çenli okan-u-eşiden kesgitlemelerim meni doly kanagatlandyrmady. Ýogsa men aňymda at salýan pikir-hyýallary ençeme gezek taraşladym. Emma hiç netije bermedi...