Her kelamy altyna deň

5 Noýabr 2024
306

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýyldaky iri wakalaryň hatarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma möhüm orun degişlidir. Foruma onlarça ýurtdan ýokary derejeli wekiliýetler, şol sanda döwlet Baştutanlarydyr halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň köp sanlysy gatnaşdy. Olaryň ençemesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Sylaglananlaryň arasynda alymlaryň hem bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Munuň özi akyldar şahyryň edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegine hem-de bütin dünýäde onuň şygyrlarynyň muşdaklarynyň has-da artmagyna itergi berýär. Talyplara bilim berenimizde, biz bular hakda giňden gürrüň edýäris. Şol bir wagtda, şahyryň öwüt-nesihat hem-de watançylyk mazmunly şygyrlaryndan mysallara ýüzlenýäris. Bu babatda şahyryň gözel tebigatymyz, ynsan häsiýetlerinden söz açýan şygyrlarynyň ähmiýeti has-da uludyr.

Her bir sözi altyna deň şahyryň edebi mirasyna uly sarpa goýulýar. Şahyryň şygyrlary dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Magtymguly atamyzyň goşgular ýygyndysynyň şygyrlarynyň sowgatlyk nusgasynyň çap edilmegi hem ählimizi buýsandyrdy. Şunda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň beýik söz ussadymyz hakda ýazan: «Geçse-de üstüňden ýüz müňläp asyr,//Alarsyň alkyşdan paýyň ýagşysyn» diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Ajaýyp şahyryň neneňsi mamladygyny wagtyň özi görkezýär. Bu gün Magtymguly Pyragynyň ady hem eserleri dünýäniň dürli dillerinde ýaňlanýar. Daşary ýurtlardan gelýän myhmanlar şahyryň Köpetdagyň etegini bezäp duran heýkeline ter gül desselerini goýýarlar. Doganlyk ýurtlarda şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreler, döredijilik duşuşyklary geçirilýär, teatrlarda onuň ömür-döredijiligine bagyşlanan sahna oýunlary görkezilýär. Bularyň ählisiniň örän uly terbiýeçilik ähmiýeti bolup, halklary ysnyşdyrmakda, dost-doganlygy pugtalandyrmakda, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlykda taýsyz gymmata eýedir. Muny bilim ulgamynda yzygiderli ilerledilýän hoşniýetli gatnaşyklaryň mysalynda hem aýdyp bolar. Ýeri gelende bellesek, golaýda şahyryň pederiniň adyny göterýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň Naberežnyý Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ylym-bilim, edebi miras, dost-doganlyk özara berk baglanyşykly bitewülik bolup, biziň ýurdumyzda ol toplumlaýyn ösdürilýär.

Kümüş BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.