Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, abadan ýaşaýşyna, röwşen geljegimize gönükdirilendir. Şeýle belent özgertmeler bilim ulgamynda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, sanly bilimiň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy we ýaş nesliň giň dünýägaraýşynyň üpjün edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmelerinde üstünlikli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriň sazlaşykly işleri netijesinde ýaş nesilleriň bilim derejeleri ýokarlanýar, dünýägaraýyşlary baýlaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim pudagynda hem ägirt uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Esasan hem, sanly bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär. Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barlyp, iň täze, döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim has-da ösdürilýär, bilim portallary hereket edýär. Şunda dil öwretmegiň hem döwrebap usullarynyň ösdürilýändigini bellemek bolar. Lingafon otaglarynda daşary ýurt dillerini diňlemek arkaly söz baýlygyny artdyrmak we kitaplaryň, sözlükleriň üsti bilen ylmy esasda öwrenmek endiklerini kemala getirmek ýaly ugurlar ösdürilýär. Bu bolsa daşary ýurt dillerini öwrenýän ýaşlar üçin has-da täsirlidir, bilim öwrenmegiň döwrebap mümkinçilikleridir.