Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy. Şol syýasatyň baş maksady ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakdan, parahatçylyk döredijilik ýoluna ygrarlylykdan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň 14-nji oktýabrda geçiren iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, maldarçylyk hojalyklarynda gyş pasly üçin zerur möçberde ot-iým taýýarlamagyň, mallaryň gyşladyljak ýerlerini abatlamagyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinleri bilen içerki bazarlarymyzy doly üpjün etmek babatda zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.