Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19 Oktýabr 2024
583

Aşgabat, 18-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.