Dünýä edebiýatynyň göwher gaşy

17 Oktýabr 2024
341

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi. Bu iri halkara forum beýik şahyryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek babatda uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä halklarynyň medeniýetleriniň, adamzadyň medeni-ruhy taýdan galkynmagyna uly täsir eden hem-de aň-düşünjäniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda ähmiýetli hyzmatlary bitiren akyldarlaryň, şahyrlaryň ylmy hem-de edebi miraslaryny düýpli öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak, halkara ylmy jemgyýetçilik bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär.

Garrybaý AŞYROW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy.