«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki ýaryşlar Gökdepe etrabynda guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Etrapdaky 14-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryş has uly gyzyklanma eýe boldy.
Etrapdaky orta mekdeplerden gelen okuwçy oglan-gyzlar ýaryşa höwesli gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminin hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçen ýaryş güýçli toparlary ýüze çykardy. Şeýlelikde