Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

11 Oktýabr 2024
616

Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Aşgabatda hem döwrebap şäher gurşawyny döretmek boýunça özboluşly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň baş şäheriniň häzirki zaman ýol-ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlananda tebigy aýratynlyklara möhüm ähmiýet berilýär. Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, paýtagtymyzyň ekologik abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.