Berkarar döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Şu ýylyň sentýabr aýy hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen ajaýyp wakalar bilen Garaşsyz döwletimiziň taryhyna täze sahypalary ýazdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa milli demokratik däplerimiziň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bu forumyň her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde hem özboluşly many bar. Çünki Garaşsyzlyk halkymyzyň ähli üstünlikleriniň, döwletliligimiziň gözbaşynda duran mukaddeslikdir.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde möhüm çözgütler kabul edildi. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnamasyny durmuşa geçirmekde, Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, halkara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen ösdürmäge ýokary döredijilikli yhlas bilen çemeleşýändiginiň nobatdaky beýany boldy.