Aşgabat, 4-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.