Aşgabat, 3-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi we ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.