Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halk bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly çäre hem üstünliklere eýe bolýar. Bir aýyň dowamynda wagyz-nesihat işleri, söhbetdeşlikler, maslahatlar geçirildi we raýatlara, ýaşlara, okuwçylara ýol hereketiniň düzgünleri, ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýeti wagyz edildi. Munuň özi ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňemegine, ýol hereketiniň düzgünleri hakyndaky düşünjeleriniň artmagyna oňat täsirini ýetirdi.
Sentýabr aýynyň dowamynda jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem bilim edaralary, orta mekdepler bilen bilelikde çäreler geçirildi. 2024— 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinden okuwçylara ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek boýunça giňişleýin düşünje berilýär. Çünki şeýle çäreler ýaşlara oňat täsir edýär we olaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini ýerine ýetirmeklerine mümkinçilikleri döredýär. Şeýle çäreleriň her biri raýatlaryň parahat, abadan, asuda durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.