Şu gün — 27-nji sentýabrda agzybir we jebis halkymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen garşylaýar. Şanly baýram mynasybetli Watanymyzyň ähli künjeklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhuny, özgerdiji güýjüni alamatlandyrýan dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Döwlet münberi toplumynyň öňünde geçirilýän dabaraly harby ýörişde bolsa Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetleriniň hem-de Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy açylyp görkeziler.
Garaşsyzlyk güni ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşindäki şöhratly ýolunyň şu gezekki tapgyrynyň jemini jemleýän we täze meýilnamalary düzýän sepgitdir. Watandaşlarymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny baýram etmäge mynasyp taýýarlandylar. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň nobatdaky tapgyryny dabaralandyrýan üstünlikler muňa şaýatlyk edýär. Şanly senäniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň geçirilip, oňa daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünlikleri aýdyň şöhlelendi. Diýarymyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli täze binalary we desgalary ulanmaga bermek asylly däbe öwrülip, Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň, durmuşyň ähli ugurlarynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijeliliginiň aýdyň güwäsi bolup durýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.