Aşgabat, 24-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahata gatnaşan hem-de ýurdumyzyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp bolan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň ýolbaşçysy Iwan Kuzmin bilen duşuşdy.
Alym duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu mejlis türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir maksada gulluk edýändiginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de alymyň bütin ömrüni oba hojalyk pudagynyň, tohumçylykda seçgiçilik işiniň ösdürilmegine bagyşlandygy bellenildi.