Halkymyzyň abadançylygy — özgertmeleriň baş maksady

24 Sentýabr 2024
666

Türkmenistanda baş baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek giň gerimli dabaralara taýýarlyk görülýär. Bu taryhy sene durmuşyň ähli ulgamlaryndaky üstünlikler bilen garşylanylýar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz Watanymyzy depginli ösdürmäge, jemgyýetiň aň-paýhas, ruhy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge, sebit we halkara derejede deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 16-njy sentýabrda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirilmeginiň, pagta ýygymynyň depginini has-da güýçlendirmegiň, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň, pagtaçylar üçin zerur iş şertleriniň döredilmeginiň wajyp talap bolup durýandygyny nygtady. Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki ekinlere ideg etmek babatda görkezmeler berildi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak meselelerine aýratyn üns çekildi.

(TDH)