Halk maslahatlarynyň taryhy kökleri hakda kelam
Döwlet dolandyryşynyň göwnejaý nusgasy — munuň filosoflaryň, syýasatçylaryň käbiriniň aýdyşy ýaly, taryhyň soňy däl-de, eýsem, onuň täze tapgyrynyň başlangyjy hasaplanmasy dogrudyr. Aristoteliň idealy bolan Spartada apella, ýagny syýasy täsiri bolmadyk deňhukukly raýatlaryň mejlisi häkimiýetiň ýokary edarasy hökmünde hereket edipdir. Rim imperiýasynda imperatoryň häkimiýeti senat tarapyndan, özi-de diňe kanuny ýagdaýda çäklendirilipdir.