Arkadag şäheri, 22-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylar bilen şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy.
Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäher ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Arkadag şäheriniň halkara derejedäki güwänamalara we abraýly baýraklara mynasyp bolmagy bu ýerde alnyp barylýan işleriň ylmyň täze gazananlaryna, dünýäniň ösen tejribesine esaslanýandygyny görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýokary derejede amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.