Çagalaryň kalbynyň, hakydasynyň ak kagyz ýaly arassadygyny hemmämiz bilýäris. Çaga näme öwretseň, ol şony hem kabul edýär. Şonuň üçin ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän asylly ýörelgelere berk eýerýän halkymyz çaga terbiýesine örän çynlakaý çemeleşýär. Bu işde ilki ata-enäniň, soň ony gurşap alýan jemgyýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şol sebäpli hem biziň ýurdumyzda watansöýüji, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri kemala getirmek üçin örän uly işler amala aşyrylýar.
Çaga terbiýesiniň ilkinji binýady maşgalada goýulýar. Merdana halkymyzyň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize, ilhalar nesil ýetişýär. Terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy, oýlanşyklylygy talap edýär. Maşgala terbiýesi ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýar. Halkymyzyň ula hormat goýmak, kiçini sarpalamak baradaky maşgala edebi nesilden-nesle geçip, häzirki günlerde hem berk berjaý edilýär. Bu asylly ýörelgelere eýermekligi ýaş nesillerimize çagalykdan endik etdirilýär.