Düýedyzlyklar

18 Sentýabr 2024
479

Ene-mamalarymyz öý-ojaklary bezemek, hojalykda ulanmak maksady bilen dürli dokma önümlerini dokapdyrlar. Şolaryň biri-de düýedyzlykdyr.

Ol torba görnüşinde dörtburç edilip dokalypdyr. Ony adaty günlerde ownuk-uşak zatlary salmak üçin torbalyk hökmünde ulanypdyrlar. Ikitaraplaýyn düýedyzlyklar hem dokalyp, ol düýäniň, atyň üstüne atylýar. Türkmençilikde düýe ýüňünden öndürilýän önümler mukaddeslik hasaplanylýar. Däp boýunça gelniň köpelip-känelip gitmegi yrym edilip, bezelen düýäniň yzyna köşek tirkelipdir. Şonuň üçinem ene-mamalarymyz ýörite köşek ýa-da torum üçin düýe asmalygyny hem dokapdyrlar.

Mähek DURDYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.