Bugdaý ekişi depginli barýar

2 gün öň
36

Kaka etrabynyň gallaçy daýhanlary geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişini depginli alyp barýarlar. 42 müň 400 gektar meýdanda däne ekmegi meýilleşdirýän etrabyň oba zähmetkeşleri möwsümde ekiji tehnikalardyr gurallaryň netijeli ulanylmagyna we işiň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýärler. Ekişde ekiji tehnikalaryň 60-a golaýy bökdençsiz işledilýär.

Güýzlük däne ekişinde etrabyň “Türkmenistan”, “Parahat”, G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşikleri, şeýle-de “Ýaz meýdan”, “Ýeke çeşme” daýhan hojalyklary nusgalyk görelde bolýarlar. Ekişiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri möwsüme gatnaşyjylar bilen iş üstünde duşuşyp, armalaryny ýetirýärler.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar