Söz şalygynyň gaýtalanmajak ussady beýik Magtymguly Pyragynyň mirasy Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara terbiýe mekdebidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirtlerimiziň bitiren işlerini içgin seljerip, ylmy taýdan öwrenip, şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary islendik döwürde-de bagşylaryň dilinde, türkmeniň toýunda köňülleriň owazy bolup ýaşaýar.
Magtymguly Pyragy özüniň döredijiliginde durmuş wakalaryny, türkmeniň mukaddes topragyny, tebigatyny, sähradyr düzlerini, deňizdir derýalaryny ussatlyk bilen wasp edýär. Beýik söz ussadynyň döredijiligi örän giň gerimli, ol döwrüniň derwaýys meseleleri boýunça sagdyn pikirleri ýöredýär. Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirdi.