Sportuň belent ruhy bilen

12 Sentýabr 2024
301

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan şu günler orta mekdepleriň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan ― sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly spartakiadanyň täze möwsümine taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Bölüm tarapyndan sport ýaryşlarynyň täze möwsüminiň meýilnamasy taýýarlanylyp, olary etrap bilim bölümlerine paýlap bermek işleri alnyp barylýar.

Sport ýaryşlarynyň täze möwsümine şu ýylyň oktýabr aýynda badalga berlip, möwsüm geljek ýylyň aprel aýynda tamamlanar. Şol döwrüň içinde bilim işgärleri sportuň 9, mekdep okuwçylary bolsa 12 görnüşi boýunça ýaryşarlar. Ýaryşlaryň ilkinji tapgyrlarynyň netijesinde etraplaryň, soňra-da welaýatymyzyň ýygyndy toparlary düzülip, olar döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşdyrylar.

Arzuw EREŞOW,
«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hünärmeni.