Düýn ― 11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» diýen at bilen onlaýn maslahaty we ussatlyk sapaklary geçirildi. Ony Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäheriniň Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek boýunça merkezi bilelikde gurady. Maslahat milli senetçiligi ösdürmegiň we bu ugurdaky dünýä tejribesini öwrenmegiň meselelerine bagyşlandy.