Ata-babalarymyz geçmişde günleriň, hepdeleriň, aýlaryň, ýyllaryň hasabyny ýöretmek üçin ençeme senenamalary ulanypdyrlar. Olaryň esasylary «çarwa ýyl hasaby», «aý-gün, ýyl hasaplary» diýlip atlandyrylypdyr. Çarwa senenamasy boýunça her on iki ýyl bir müçe hasaplanýar. Aý hasabynda her ýyl on iki aýdan, her aý hem otuz günden ybarat bolupdyr. Bir aý üç hepdä bölünip, pederlerimiz bu senenamany uzak döwrüň dowamynda peýdalanyp gelipdirler. Muňa halk arasynda aýdylýan «Hiç hasap bilmeseň, ozal dokuzy, on dokuzy, ýigrimi dokuzy bil!» diýen sözler hem şaýatlyk edýär. Bu ýerde ozal dokuzdan soň onunjy günüň, on dokuzyndan soň ýigriminji günüň, ýigrimi dokuzyndan soň otuzynjy günüň gelip, olaryň dynç güni hasaplanýandygy aýdylýar. Soňra on günlük hepde ýedi güne geçirilýär. Pars dilinden alnan «hepde» sözüniň özi hem «ýedi» diýen manyny aňladýar. Ýöne muňa garamazdan, öňki on günlük hepde hasaby hem halkyň hakydasynda ýaşamagyny dowam etdirýär. Şonuň üçin hem kimdir biri bir hepdelik bir ýere gidip gelende: «Näçe gün bolup geldiň, näçe günlük gitdiň?» diýlip soralanda, köplenç, «Bir hepde — on gün» diýip jogap berilýär.
Bu sözleýiş endigi halk arasynda heniz-henizler hem duş gelýär. Bu ýerde aý hasaby ulanylýan mahalyndaky hepdäniň näçe günden ybarat bolandygy soralmaýan hem bolsa, köne endige görä, adamlar ony «bir hepde» diýen jümläniň yzyna «on gün» diýip goşup aýdýarlar.