Döwlet berkararlygynyň nusgalyk keşbi

5 Sentýabr 2024
55

Asyrlaryň dowamynda dünýäniň çar künjeginde azym-azym şäherleri, döwletleri guran türkmen halkynyň bu günki şöhratly nesli öz mukaddes ata Watanynda döwrebap we milli ruhda äleme nusgalyk şäherleri gurýar. Güneşli ýurdumyzyň göwher gaşyna öwrülen şol şäherleri bezäp oturan binalary synlanyňda  hormatly Prezidentimiziň egsilmez hyjuwy, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy aýdyň görünýär.

Bina galdyrmak, ýol, köpri gurmak halkymyzda ata-baba sogaply iş hasaplanylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ençeme etraplaryň, şäherçeleriň, şäherleriň gurulmagy, gurluşyk önümçiligi boýunça  döwrebap kärhanalaryň döredilmegi, bu asylly işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe hem üstünlikli dowam etdirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, depginli ösüşini aýdyň görkezýär. Bedew bady bilen öňe barýan ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Didar ORAZOW,
Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar