Beýikligiň badalgasy

5 Sentýabr 2024
363

Watan — ynsanyň ýüreginden başlanýar. Watansöýüjilik terbiýesi bolsa maşgaladan gözbaş alýar. Sebäbi adamyň ilkinji Watany onuň kemala gelen ojagydyr. «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Atany söýen, Watany söýer», «Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy» ýaly pähim-paýhasda jemlenen duýgular ata Watana bolan beýik söýginiň beýanydyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň 1-nji sentýabrda açylyp ulanmaga berilmegi  beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalaryny çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. «Berkarar döwlet islärin» diýip arzuwlan Magtymguly Pyragy türkmen ýigitleriniň mertden dörän merdanadygynyň waspyny edipdir:

Maksat KELHANOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.