Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dabaralandyryp

2 Sentýabr 2024
109

Täze mekdep — Türkmenistandan Täjigistana sowgat

Aşgabat — Duşenbe, 1-nji sentýabr (TDH). Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. Şu gün — 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Beýleki habarlar