Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

9 Sentýabr 2024
148

Arkadag şäheri, 7-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen edaralaryň, binalaryň, durmuş maksatly desgalaryň işi döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýuldy. Munuň özi iri şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýokary ekologik derejäni üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir.

Beýleki habarlar