Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu strategiýany üstünlikli amala aşyrmakda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ähmiýetli çärelere, hususan-da, forumlardyr sergilere möhüm orun degişlidir. Şeýle çäreler gyzyklanma bildirýän taraplar bilen dürli ugurlarda bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak, özara bähbitli işewürlik tekliplerini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär.
Şu ýylyň 17 — 19-njy martynda paýtagtymyzda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini açyp görkezýän giň gerimli sergi we maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Söwda toplumynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragynyň gatnaşmagynda guralan sergi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňyn netijeleriň gazanylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.