Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

29 Awgust 2024
197

Aşgabat — Tähran — Aşgabat, 28-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.