Ak ýollar mydama asuda bolsun!

28 Awgust 2024
54

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýen sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli işlerde aýdyň subutnamasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda ýokary guramaçylykda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem halkymyzyň abadan, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döwlet derejesinde uly aladalaryň edilýändiginiň güwäsidir. Sebäbi ulag ýollarynda howpsuzlygy gazanmak raýatlaryň abadançylykda ýaşamagyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir.

Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi barha kämilleşdirilip, awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ulag ýollaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Döwrebap ýollarda hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmek bolsa ählihalk işi bolup, muňa biraýlygyň dowamynda guralýan çäreleriň ähli ulgamlary gurşap almagynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Gurbanbibi REJEPOWA,
welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar