Ýaş kalbym aýdymdan doly

28 Awgust 2024
43

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler, gazanylýan ösüşler biziň — ýaş nesilleriň kalbynda hem egsilmez buýsanjy döredýär. Milli medeniýetimiz we sungatymyz hem ajaýyp zamanamyzda uly ösüşlere beslenýär. Sungata höwesli ýaş nesilleriň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçinem ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Çaga kalbymda dörän aýdymçy bolmak höwesi meni mundan iki ýyl ozal etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebiniň işiginden getirdi. Şondan bäri bu sungat ojagynda halypalarymyň elinde sapak almak bilen, zehinimi, ukybymy ösdürýärin. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiklere gatnaşyp, aýdym aýtmakda öz ukyp-başarnygymy görkezdim. Diňe bir aýdymlary ýerine ýetirmekde däl-de, küşt depip, gazal aýtmakda hem kämilleşmäge çalyşýaryn.

Gylyçbibi KÖMEKOWA,
Esenguly etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar