Dabaraly maslahat geçirildi

28 Awgust 2024
89

Gökdepe etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim — bagtly geljegiň binýady» şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi. Etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek, bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary barada gürrüň berdiler.

Maslahatyň barşynda Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle-de täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmekde öňde durýan wezipeleriň üstünde aýratyn durlup geçildi. Bu çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna döredýän giň mümkinçiliklerine ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar