Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Adam, onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunlukda, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ýylsaýyn barha giň gerime eýe bolýar.
12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, ugurdaş köpugurly desgalary döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş toplumlarynda-da göz öňünde tutulan. Olaryň çäklerinde çagalar üçin oýun, futbol, tennis meýdançalary we beýlekiler hereket edýär. Muňa aýdyň mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi.