Özygtyýarlylyk we Garaşsyzlyk — durnukly ösüşiň ýoly

22 Awgust 2024
167

Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny uly joşgun we dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görýär. Şeýle günlerde ýurdumyzyň durnukly ösüş ýoly bilen öňe gitmeginiň düýp esaslary hakda söhbet etmek buýsançlydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşleri ulgamlaşdyryp, taryhyň beýik işler, halk bilen bilelikde, halk üçin edilen beýik amallar bilen ýazylýandygyny bellemek bilen: «Ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň muşdagy. Ösüş elmydama täzeçil pikirlenmelere, çynlakaý çemeleşmelere intizar. Durmuş her pursatda aýgytly gadamlara garaşýar, gerek ýerinde töwekgellikleri halaýar. Gadymdan gelýän hakykatlar täze döwrüň ruhy bilen utgaşanda, ýaşaýşyň hörpi başgaça bolýar. Ynsanlar her pursatda bagtyň, her günde özüne mahsus rysgyň, her ýagşy hereketde berekediň bardygyna ynanyp, uýup hem-de şol aýratynlygy duýup ýaşaýar» diýen, döwrümiziň waspyny beýan edýän, çuň manyly gysgaça häsiýetlendirmesiniň nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň ähmiýetini, mazmunyny, oňyn netijelerini görmek bolýar. Bu filosofik kesgitlemede taryhy wakalaryň özara baglanyşygy, maksada ýetmegiň strategik ugruny we ýollaryny, serişdelerini dogry kesgitlemegiň şertleri ýüze çykýar. Aýgytly pursatlarda sabyr-takatly bolmak, erjellik bilen öňe gitmegiň, ynamly hereket etmegiň taryhy döredijilik işiniň netijeliliginiň girewi bolup durýandygyna üns çekilýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we Garaşsyzlygy sözüň doly manysynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy-medeni ösüşleriniň, halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagynyň, halkyň döredijilikli zähmetiniň binýadynda durýar diýmäge doly esas bar.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar