Alymlar Ýer togalagyndaky garynjalaryň ortaça sanyny kesgitlediler. Soňky 100 ýylyň dowamynda müňlerçe awtorlaryň taýýarlan maglumatlary esasynda Ýer togalagyndaky ähli guşlary we süýdemdirijileri goşanyňda hem garynjalaryň sanynyň olardan ýokary boljakdygy kesgitlenildi. Geçirilen ylmy işleriň maglumatlary garynjalaryň ähli görnüşleriniň umumy agramynyň 12 megaton (129 kilogram) uglerod süýümi bilen deňdigini görkezdi. Ýer ýüzünde, takmynan, 20 kwadrillion (2015) garynjanyň ýaşaýandygy anyklanyldy (20 sanyň yzynda 15 sany nol bar).
Dünýäde garynjalaryň 9 müňe ýakyn görnüşi bar. Olar tämizleýärler, ekerançylar, jandar idedijiler ýaly toparlara bölünýärler. Garynjalaryň beden gurluşlary her bir ýeriň aýratynlygyna görä, dürli-dürli bolýar. Adamlar irki döwürlerden bäri ýabany haýwanlary eldekileşdirip, olardan peýdalanyp, ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini gowulandyrypdyrlar.