Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan işewürlik forumy geçiriler

19 Awgust 2024
112

2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Stambulda Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan işewürlik forumy geçiriler. Bu barada Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar komiteti (DEIK) habar berýär. Bu komitet Türkiýäniň Söwda ministrliginiň utgaşdyrmagynda çäräniň guramaçysy hökmünde çykyş edýär.

Komitetiň habarynda forumyň işine Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolatyň, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýewiň gatnaşmagyna garaşylýandygy aýdylýar.

Mähri BAÝJAÝEWA,
«Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ-niň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar