Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.
12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy Astana şäherinde 9-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitini we ikitaraplaýyn duşuşygy Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýertitreme bilen baglylykda yza süýşürmek baradaky teklibi goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýada bolup geçen ýertitreme baradaky habary gynanç bilen kabul edendigini belläp, ähli türkmen halkynyň adyndan we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ähli ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.